Mohammed Geldi Geldi Nejad – Turkmen

Sähralara Syýahat

Bu sahypa, dünýäde gaty az adamyň eşiden we bilýän täsin ýerleri bolan “Türkmen-Sahra” bilen tanyşdyrmaga synanyşýar.

Sahypany döretmegiň esasy sebäbi, web sahypalarynda esasanam iňlis dilinde az maglumat bolan bu sebitiň täsin medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmakdy. Men bu sebitde doguldym we ulaldym we elmydama halkymyň baý medeni mirasyny tanatmaga synanyşp gelýärin. Eýranly Türkmenleriň bagşyçylyk ýerine ýetiriş stilini barada ýazan dissertasiýamdan soň, bu sahypa gysga bolsa-da, sebitiň özboluşly medeniýetine halkyň ünsüni çekmäge synanyşýar.

“Sähralaryň Syýahat” 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde Felmaý atly ýazgy kampaniýanyň çykaran täze albomymyň ady. Onda Türkmenleriň halk aýdym-sazlarynyndan soňky birnäçe çykyşym bar. Onda diýmek bu ady saýlamak, Eýranyň Türkmen sebitini we özboluşly medeniýetini tanadýan bu sahypam bilen baglanyşykly bolup durýar. Albom hakda has giňişleýin maglumat üçin şu hasypadan öwrenip bilersiňiz. (http://www.felmay.it/catalogue/item.php?id=10535#.ZGGhny-B1pQ).

Türkmen-Sähra

Türkmen-Sahra [Parsça: ترکمن صحرا] Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky sebitiň adydyr. Sebitiň ýaşaýjylary Türkmen etnik toparlarydyr. Bu sebit Eýranyň Golestan welaýatynda ýerleşýär. “Golestan” gül bagyny aňladýar we bu sebitiň baý tebigatyny görkezýär. Bu sebit Hazar deňziniň günorta-gündogarynda ýerleşýär we Türkmenistan bilen serheti bar.

Aşakda Türkmen-Sahradaky haýran galdyryjy sähralary suratlandyrýan görýarsiňiz.

Bu sebit her ýyl medeniýeti, däp-dessurlary we ajaýyp tebigaty bilen jahankeşdeleri özüne çekýär. Türkmen-Sahra bilen tanyşmak üçin, Türkmen halkynyň milli nyşany bolup hyzmat edýän bu sebitdäki üç sany özboluşly medeni mirasyň tanyşdyrylmagyny isleýärin.

Türkmen Halysy

Türkmen halysy, türkmen-Sahrada henizem elde dokalan halylaryň iň çylşyrymly we reňkli görnüşlerinden biridir. Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky arheologiki tapyndylar Türkmenleriň haly dokamagynyň beöň 6-njy asyra degişlidigini görkezýär.

Bu halynyň özboluşly taslamasy, ony öýde ýa-da iş ýerinde iň halanýan görnüşleriň birine öwürýär. 2022-nji ýylyň tomsunda Türkmen-Sährada käbir haly öndürijiler bilen gürleşmäge mümkinçilik tapdym. Olaryň pikiriçe, her bir halynyň göli Türkmenleriň däp-dessuryny, taryhyny, we ynançlaryny beýan edýär.

Bu haly ýüzlerçe ýyllap görnüşini saklap, özboluşly dizaýny, reňki we berkligi bilen meşhurdyr. Türkmen haly köplenç öýlere miras galan ata babalardan galan miras hökmünde saklanýar. Bu halyny öň gören bolmalgyňyz ýa-da öýüňizde bar bolmagy mümkin; munuň aday Türkmen haly.

Aşakda meşhur filmlede we bir aktrisanyň we aýdym-saz toparynyň Türkmen haly bilen bilelikdäki suratyny görmek bolar.

Aşakdaky suratda Amerikaly aktrisa Anjelina Joli ogullyga alnan ogly Madoks bilen Türkmen halysnyň üstünde görýarsiňiz.

Aşakdaky surat meşhur “The Beatles” atly rok topary.


Iň soňky surat, häzirki döwre çenli in gowy filmi hökmünde tanalýan meşhur “Ata 2” filminden bir sahna.

Türkmen Aty

Bu at tohumy dünýädäki iň gadymy at tohumydyr. Aşakdaky suratda, Türkmen atyna mahsus bolan ýalpyldawuk we altyn reňkli Türkmen aty görkezilýär.

Beýleki atlardan tapawutlandyrýan bu atyň owadanlygy, çydamlylygy we gadymy nesillerden göz-baş alaýanlygyndan aýratyn, bu atyň agyr şertlere jydamlylygy olary özboluşly edýär. Türkmen atlary asyrlar boýy uruşlarda we transportda ulanylypdyr; şonuň üçin uzak aralykda Türkmen atlary dünýäniň iň gymmatly at tohumlaryndan biri hasaplanýar.


Türkmen Aýdym-Sazy

Türkmen sazynda birnäçe saz gural bar. Bu gurallaryň iň gadymy görnüşlerinden biride dutar. Dutar “du” sözünden gelip çykýar, we iki manyny aňladýar, “tar” kiriş diýmekdir.

Türkmen dutarlarynda sag eldäki edilýan kakuwlaryň çylşyrymlylygy olary başga saz gurallardan tapawutlandyrýar.

Meselem Türkmen bagşylar “At çapýan” atly halk sazda, Türkmen atyň aýak ritmini ýerine ýertirýärler. Has gowy düşünmek üçin ýokarda ady agzalan “At Çapan” atly halk sazyň, şekilli ýazgysyny meniň [Oglan bagşy] ýerine eýetirmegimde diňläň we dynç alyň.

Leave a Comment

Your email address will not be published. Required fields are marked *